Saýdyň durnukly ösmegi düzgünler berjaý etmegiňiz bilen baglanşyklydyr. Düzgünleri dogry berjaý ediň !
1. Saýtda hapa sögünmek, paýynç söz diýip biriniň şahsyny kemsitmek bolýan däldir.
2. Biriniň üstünden gülmek, masgaralamak, kakdyryp sözler diýmek bolýan däldir.
3. Ýazgylary başga saýtlarda çeşmesiz paýlaşmak bolýan däldir.
4. Reklama etmek, link bermek bolýan däldir.
5. Saýtda başga saýtlary reklam etmek bolýan däldir, administrasiýa bilen habarlaşyň.
6. Agzybirligi saklaň, eger biri bir zat diýse ilki admine duýdurmagyňyzy unutmaň.
7. Myhman bolup girip erbet teswir ýazmak bolýan däldir, IP durşy bilen blok edilýändir.
8. "Çekeleşikli" din temalaryny açmak bolýan däldir, sebäbi jedele sebäp bolýar.
9. Ýazgylary kesmek, üstüne sözler goşup paýlaşmak bolýan däldir.
10. Kanuna laýyk gelmeýän, bikanun hereketleri etmek bolýan däldir.
11. Link ýazmak bolýan däldir.
12. Çekeleşikli temalarda pikiriňizi sögünçsiz, hormatdan çykman belli etmeli.
13. Nomer diňe şahsy hatda paýlaşylmaly.
14. Her ýazgyda sözleriň "ň", "ş", "ý" ýaly harplary doly goýulmaly.
15. Bir kişiniň ýazgysyny paýlaşaňyzda awtoryň adyny hökman goýmaly.
16. Yzygyderli biderek mowzuklar açylmaly däl.
17. Mowzukda uly ýazgy goýmaly, ýagny diňe bir goşgy bilen paýlaşmaly däl. (Iň azyndan 4 setirli goşgy)
18. Ýazgylary başardygyňyzça dogry ýazjak bolmaly.
19. Eger biri erbet zat eden bolsa sögünçsiz şekilde hemmelere duýdurmak bolar.
20. Islendik zat tankytlananda hormatdan çykman tankytlamaly.
21. Ylym we täzeliklere degişli mowzuklary paýlaşmak has gowsy.
22. Biriniň diňe nigi tutulyp agzalmaly, lakam ýa adyny tutmak bolanok, eger islemeýän bolsa.
23. Gysgajyk şekilde täzelikleri paýlaşmak bolýar.
24. Moderatorlaryň aýdany administrasiýanyň aýdany bilen deň derejededir. Eger moderlerde ýalňyşlyk görseňiz muny administrasiýa duýduryp bilersiňiz.
25. Surat paýlaşaňyzda surat dury bolmaly.
26. Ýazgyda ň harpy "ñ" şekilde dälde "ň" şekilde ýazmaly.
27. Başga dilde mowzuk paýlaşmak bolanok.
28. Her dine, her ynanja, her pikire hormat goýmaly.
Saýdyň düzgüni
Страница: 1
Сообщений 1 страница 1 из 1
Поделиться12021-09-13 19:49:52
Страница: 1