Hytaýda bir aýlap günde ýigrimi iki sagat kompýuterde oýun oýnan on bäş ýaşly çaga ýarawsyzlyk tapyndy. Hassahana äkidilen çaganyñ bir golunyñ ysmaz (paraliç) bolandygy mälim edildi. Ene-atasy çaganyñ sapaklaryna taýýarlanýandyr öýdendiklerini we onuñ kompýuter oýunlaryny oýnaýandygyndan bihabardyklaryny aýtdylar.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) öñräk mälim eden bir beýannamasynda çendenaşa köp wideo oýunlary oýnamagyñ garaşlylyk synpyna girýändigine ünsi çekipdi. Munuñam üstesine Hytaýda dörän koronawirus ýokanjy adamlary öýlerinden çykman oturmaga mejbur etdi. Bu bolsa wideo oýunlara bolan gyzyklanmalary hasam artdyrdy. Şindiki bolup geçýän bu waka bolsa wideo oýunlara garaşlylygyñ belli bir derejeden soñ nähili agyr netijelere getirip biljekdigini görkezýär.
Iñlisleriñ "Daily Mail" gazetinde berlen habarda köpçülikleýin ýokanç döwründe wagtynyñ köpüsini öýde oýun oýnap geçiren hytaýly çaganyñ birdenkä ýarawsyzlyk tapynandygy aýdyldy. Kompýuterde wideo oýunlary oýnamaga aşa köp üns beren çaga gününiñ ýigrimi iki sagadyny kompýuteriñ başynda geçiripdir. Belli bir wagtdan soñ bu ýagdaý çaganyñ saglygyna ýiti täsir edipdir. Lukmanlar çaganyñ golunyñ ysmaz bolandygyny aýtdylar.
Habarda berlen maglumatlara görä, on bäş ýaşly çaga tutuş bir aýlap günde ortaça ýigrimi sagat oýun oýnapdyr. Gündelik bary-ýogy iki sagatlyk uky bilen oññut eden we kompýuteriñ başyndan turmaýan çaganyñ organizmi soñabaka bu ýagdaýa döz gelip bilmedi. Hytaýyñ Guansi-Çžuan awtonom raýonynda ýaşaýan çaga eýýäm näçe wagt bäri bejergi astynda.
Güniñ ýigrimi iki sagadyny kompýuteriñ başynda oýun oýnap geçirmek akla-huşa sygjak zat däl. Üstesine çaganyñ ene-atasynyñ muña hiç haý-küş edendikleri-de belli däl. Emma hytaý metbugatyna interwýu beren ene-ata çagalarynyñ oýun oýnaýandygyndan bihabardyklaryny we onuñ sapaklaryna taýýarlanýandyr öýdendiklerini aýtdylar.
Hytaýda bolup geçen bu waka her bir zady çeni bilen etmegiñ gerekdigini hemmämize ýene bir gezek aýdyñ subut edýär.
Telefon oýnap goly ysmaz bolan çaga
Страница: 1
Сообщений 1 страница 2 из 2
Поделиться12021-09-14 20:48:59
Поделиться22021-09-15 01:20:44
Ene ata seretmelida eline tel berip tel oynayanlaram bar uzak gün
Страница: 1